Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistanyň ýene bir topardaşy ýaryşy jemledi

22:0221.01.2019
0
3845

21-nji ýanwarda BAE-niň Al-Aýn şäherindäki «Halifa bin Zaýed» stadionynda Awstraliýanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary Aziýa kubogy ― 2019-yň 1/8 final tapgyrynda duşuşdylar. Esasy wagty hem, goşmaça ýarym sagatlyk wagt hem 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň netijesi 11 metrlik jerime urgulary esasynda kesgitlenildi.

Jemleýji urgularda ýaryşyň «F» toparçasynda milli ýygyndymyz bilen ýaryşan özbek futbolçylary iki urgyny dürs geçirip bilmän, duşuşykda ýeňildiler we Aziýa kubogy ― 2019-daky duşuşyklaryny tamamladylar. Geçen çempion Awstraliýanyň ýyygndysy bolsa jerime urgularynyň birinden galanyny dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, Aziýa kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çykyş eden «F» toparçasyndan indi diňe Ýaponiýanyň ýygyndysy ýaryşy dowam etdirýär.

Çärýek finalda Awstraliýa ýer eýeleri ― BAE-niň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

 

Aziýa kubogy ― 2019, 1/8 final, 21-nji ýanwar.

Al-Aýn şäherindäki «Halifa bin Zaýed» stadiony, 6809 tomaşaçy.

AWSTRALIÝA ― ÖZBEGISTAN 0:0 (11 m.j.u 4:2).

Jerime urgularyny dürs ýerine ýetirip bilmedik futbolçylar: Beýiç ― Şukurow, Bikmaýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň