Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň topardaşyny ýeňen Eýran çärýek finala çykdy

23:5020.01.2019
0
4762

Aziýa kubogynyň 1/8 finalynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň topardaşy ― Omanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňen eýranly futbolçylar 20-nji ýanwardaky duşuşyklaryň netijesi boýunça çärýek finala çykan soňky topar boldy. Bu duşuşygyň şu ýaryşda iň köp tomaşaçyny özüne çekip bilen duşuşyk bolandygyny hem aýtmak gerek. Duşuşyga tomaşa etmek üçin Abu-Dabi şäheriniň «Mohammed bin Zaýed» stadionyna 32 müňe ýakyn janköýer ýygnandy.

Her ýarymynda bir pökgi geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda Jahanbahş (32’) tapawutlandy. 41-nji minutda Dejagahyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy duşuşygyň netijesini hem kesgitledi.

Çärýek finalda Eýranyň ýygyndysy hytaýly futbolçylar bilen duşuşar.

 

Aziýa kubogy ― 2019, 1/8 final, 20-nji ýanwar.

Abu Dabi şäherindäki «Mohammed bin Zaýed» stadiony, 31 945 tomaşaçy.

EÝRAN ― OMAN 2:0

Pökgi geçirenler: Jahanbahş 32, Dejagah 41.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň