Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2019: 1/8 finalyň ilkinji duşuşygynda ýeňiji Wýetnamyň ýygyndysy

18:4520.01.2019
0
3074

Aziýa kubogy ― 2019-yň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň we Wýetnamyň ýygyndylary duşuşdylar. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ýeňijini kesgitlemäge ýarym sagatlyk goşmaça wagt hem ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularyna galdy. Jerime urgularynda 2:4 hasabynda ýeňiş gazanan Wýetnam, garaşylmadyk ýagdaýda, ýaryşyň çärýek finalyna çykdy.

 

Aziýa kubogy ― 2019, 1/8 final, 20-nji ýanwar.

Dubaý şäherindäki «Al-Maktum» stadiony, 14205 tomaşaçy.

IORDANIÝA ― WÝETNAM 1:1 (11 m.j.u ― 2:4).

Jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedik futbolçylar: Faisal, Samir ― Tran Minh Wuong.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň