Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ÝUNFPA-nyň arasynda resminamalara gol çekildi

09:2320.01.2019
0
1036

Ýakynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda (www.mfa.gov.tm) aýdylýar.

Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNFPA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ýurdumyz bilen BMG-niň Ilat gaznasy Ýurt boýunça dördünji Hereketler maksatnamasyny amala aşyrýar hem-de bu maksatnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Işlenip taýýarlanylan iş meýilnamalary bäş ýyllyk möhlet bilen maliýeleşdirilýän ýurt boýunça maksatnamany ýerine ýetirmegiň möhüm bölegine öwrüler we 2019-njy ýyl üçin işleriň hem-de çäreleriň esasy ugurlaryny kesgitlär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ÝUNFPA-nyň arasynda «Reproduktiw saglygy ulgamynda birikdirilip berilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar» taslamalarynyň iş meýilnamalaryna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNFPA-nyň arasynda «Reproduktiw saglyk baradaky bilimleriň ýaşlar üçin elýeterli bolmagyny gowulandyrmak» taslamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen ÝUNFPA-nyň arasynda «Milli strategiýany we durnukly ösüş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ilat gaznasy hakyndaky maglumatlary ulanmak» taslamasyna gol çekildi.

Mundan başga-da, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNFPA-nyň arasynda erkek adamlaryň reproduktiw saglyk gullugyny berkitmek boýunça maliýeleşdirmek hakyndaky şertnama gol çekildi.

Taraplaryň belleýişleri ýaly, bu resminamalara gol çekilmegi ýurdumyzyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen bu ugurdaky däp bolan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder. Bu gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy. Bu gezekki dabara Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen ýurdumyzyň oňyn hyzmatdaşlyk edýändigini tassyklady, olaryň işjeň hyzmatdaşlygynda maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy üstünlikli amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň