Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

13:0219.01.2019
0
6817

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Mejlisiň barşynda:

ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taýýarlanylyşy;

Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler;

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň gurluşygy;

ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy;

 «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler;

Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy;

2019 — 2025-nji ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler;

2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy;

ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy, şeýle hem bellenilen döwürde milli saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça geçirilýän çäreler;

«Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän çäreler;

ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;

Türkmenistanda hereket edýän söwda desgalarynyň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen şolaryň ýeke-täk hasabatyny ýöretmegiň sanly görnüşde işlenilip taýýarlanylan taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň bazarlaryny harytlar bilen doly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler;

ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen bilelikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda birnäçe maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny hususylaşdyrmak hakynda teklipleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler;

gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler;

BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler;

milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler baradaky we beýleki döwlet meselelerine seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň