Türkmen we ýapon alymlary Aşgabatda seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak baradaky taslamanyň üstünde işleýärler

11:3719.01.2019
0
4996

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow döwlet Baştutanyna «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Ylymlar akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Bu ulgamda Türkmenistanda yzygiderli ylmy-amaly barlaglar geçirilýär, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçen tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda degişli Milli strategiýany döretmek hakyndaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, şeýle işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen hünärmenleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen bilelikde «Aşgabat şäheriniň we onuň töweregindäki meýdanda seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak» taslamasynyň üstünde işleýärler. Şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de şolar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäklerinde, bu ulgamda çaklamagyň hem-de monitoringiň strategiýasy işlenip taýýarlanylýar.

Onda seýsmiki howply zolaklarda mümkin bolan ýer titremeler bilen baglanyşykly durmuş, ykdysady hem-de ekologiýa töwekgelçilikleriniň derejesini peseltmek, Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, binalaryň hem-de desgalaryň, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň şunuň ýaly tebigy heläkçiliklere taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi.

Maksatnamanyň amala aşyrylmagy sebitleriň durmuş, demografiýa hem-de ekologiýa ýagdaýyna, seýsmiki howply zolaklaryň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerine oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnama işjeň taýýarlanylmagyň aýratyn möhümdigini belläp, seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň, degişli öňüni alyş çärelerini kabul etmegiň ýokary durmuş we ykdysady ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutany bu ulgamda maksatnamalaýyn çäreleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň