Soňky habarlar

Arhiw

Halaç etrabynda agyz suwunyň uly mukdary tapyldy

11:1219.01.2019
0
8232

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleri, şol sanda ýerasty süýji suwlary gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde ýüze çykarylan hem-de 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagy barada habar berildi. Umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün etmek mümkinçiligi bir gije-gündizde 30 müň kub metrden gowraga ýa-da bir sekuntda 348 litre deňdir. Ol ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sebitlerde täze agyz suwy ýataklaryň hem-de mineral çeşmeleriň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmäge, şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ýardam etmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany wideoaragatnaşyk arkaly oba we suw hojalyk ministri A.Ýazmyradowa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýurdumyzyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak ulgamynda işleri işjeňleşdirmegi, ýerasty ýataklaryň hem-de suw çeşmeleriniň ýagdaýyny ylmy taýdan yzygiderli öwrenmegi, şolaryň gorlaryny anyklamagy, tebigaty goramak bilen bagly çäreleri toplumlaýyn geçirmegi hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň