Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kalsit önümçiligi ýola goýlar

10:5919.01.2019
0
7456

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna Senagat ministrligi tarapyndan kalsit önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, tejribe-synag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde, ýokary hilli kalsit önüminiň alnandygyny habar berdi. Kalsitiň öndürilmegi türkmen gurluşykçylaryna daşary ýurtlardan getirilýän şu önümlerden doly ýüz öwürmäge hem-de geljekde boýaglaryň dürli görnüşlerini, gips, karton we beýleki magdan däl gurluşyk serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň Magdanly şäherindäki gurluşyk serişdeleri kärhanasynyň düzüminde ýyllyk kuwwaty 500 tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmek hem-de daşary ýurtlara ibermek boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna çykarmak maksady bilen, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek strategiýasy senagaty IT-tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ösdürmek ýoly arkaly bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Döwlet Baştutany innowasion ugurly gaýtadan işleýän kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek, senagat ulgamy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça strategik wezipeleriň goýlandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň