Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek medeni çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy

23:1618.01.2019
0
6394

Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň