Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy ýokary derejede duşuşyklary geçirmäge taýýarlyk görýär

16:1218.01.2019
0
15993

Çarşenbe güni Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty (www.oilgas.gov.tm) habar berýär.

«Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk görmek maslahatlaşyldy» - diýip Interfaks Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň