Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Bahreýn maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

15:2118.01.2019
0
4192

Bahreýniň Söwda-senagat edarasynyň wekili Muhammed Abdul-Jabbar al-Koheji bilen Türkmenistanyň ilçisi Orazmuhammet Çaryýewiň duşuşygynda Türkmenistan bilen Bahreýniň ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Ahbar Al-Halij» («Aýlag ýurtlarynyň habarlary») gazeti habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Al-Koheji Söwda-senagat edarasynyň ykdysadyýet, söwda we ösüş ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýändigini belledi. Muňa iki ýurtdaky amatly maýa goýum ýagdaýy ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, bahreýn işewürligi iki dostlukly döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenýär. Oba hojalygy, nebitgaz pudagy we nebithimiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň