Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideokonferensiýa geçirdi

12:4718.01.2019
0
4086

17-nji ýanwarda Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.
Milletiň Lideri göni aragatnaşykda geçirilýän wideokonferensiýa Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi, Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi bir wagtda çagyryp, olaryň ünsüni öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi.
Döwlet Baştutany ýakyn geljek üçin her bir welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, şolarda döwrebap önümçilik we durmuş düzümini kemala getirmek, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Degişli resminamalar her welaýatyň önümçilik, çig mal, toprak-howa we beýleki aýratynlyklaryny nazara alýan ylmy-barlaglaryň esasynda taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Wideokonferensiýanyň barşynda döwlet Baştutany obasenagat pudagyny özgertmek, ekerançylygyň milli däplerini hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini utgaşdyrmakgyň esasynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak, bereketli hasyl almak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwuň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek üçin alymlaryň synagdan geçiren ähli mümkinçiliklerini ulanmak, hususy telekeçileri obasenagat toplumyna çekmek, welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, dürli görnüşdäki ýokary hilli önümleri öndürýän obasenagat kärhanalaryny gurmak işini kämlleşdirmek we şol ugurlary ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri meýilleşdirmek ýaly meseleleri ara atdy.
Döwlet Baştutany türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek bilen, täze senagat desgalaryny gurmagyň mümkinçilikleri hakynda meseläni öwrenmegi tabşyrdy.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň mümkinçiliklerini peýdalanmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da giňeltmek, Aşgabat — Türkmenabat hem-de Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanlarynyň gurluşygyna ünsi güýçlendirmek ýaly meseleler hem konferensiýada öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň