ABŞ-da okuw üçin FLEX bäsleşiginiň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy

09:2617.01.2019
0
11658

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin FLEX maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2019 — 2020-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän FLEX maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar.

Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. FLEX maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň 6-sy Türkmenistanyň raýatydyr.

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

Bäsleşigiň talaplary we şertleri barada doly maglumat şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň