Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň geljekde Günorta gaz geçirijisine goşulmagyna garaşylýar

20:5416.01.2019
0
1396

Energetika Bileleşigi boýunça Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç şu ýylyň fewral aýynda Baku iş saparyny meýilleşdirýär. Onuň dowamynda ol «Günorta gaz geçelgesiniň» Konsultatiw geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada «Report» azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda (www.oilgas.gov.tm) berilýän habara görä, «Günorta gaz geçelgesi» Hazar sebitinden tebigy gazy Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermekligi göz öňüne tutýar.
Birinji tapgyrda «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz kondensatly känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde çykaryljak gaz bu taslama üçin esasy çeşme hökmünde görülýär. Iberlemeleri başalamk 2020-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Geljekde «GGG» beýleki çeşmeleri, şol sanda Türkmenistany hem goşmak meýilleşdirilýär. Ýewropa Bileleşigi we Türkiýe Türkmenistanyň gaz känleriniň serişdelerini «Günorta gaz geçelgesi» boýunça Ýewropa ibermegiň tarapdarlary bolup çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň