Hytaý 2018-nji ýylda nebiti we gazy iň kän import eden döwlet boldy

20:5316.01.2019
0
1517

Hytaý 2018-nji ýylda dünýäde nebiti import ediji iň iri döwlet bolmagynda galdy, bu orny ol 2017-nji ýylda ABŞ-dan alypdy. Geçen ýylda ýurduň importy 10,1 göterim artyp, 461,9 million tonna nebite ýa-da günde 9,24 million barrele deň boldy, diýip «Praým» habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda (www.oilgas.gov.tm) berilýän habara görä, dekabr aýynda HHR-iň nebit importy ýyllyk aňlatmada 30 göterim artdy we 43,78 million tonna ýa-da günde 10,31 million barrele ýetdi. Bu görkeziji bassyr ikinji aý günde 10 million barrelden ýokary bolmagynda saklanýar, noýabr aýynda ol günde 10,43 million barrele deň boldy.
Hytaýa gazyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň importy geçen ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 31,9 göterim artyp — 90,39 million tonna ýetdi. Bu görkeziji babatda hem döwlet dünýäde birinji orny eýeleýär.
Dekabr aýynda HHR-iň gaz importy 9,23 million tonna rekord görkezijä ýetdi. Ol 2017-nji ýylyň dekabryndan 17 göterim ýokarydyr. Noýabr aýynda görkeziji 9,15 million tonna ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň