Soňky habarlar

Arhiw

Jawohir Sydykow: «Türkmenistana garşy duşuşyk meniň üçin taryhy oýun boldy»

20:4115.01.2019
0
5498

Aziýa kubogy ― 2019-yň çägindäki Türkmenistan ― Özbegistan (0:4) duşuşygynda geçirilen ilkinji pökginiň awtory, 22 ýaşly özbek futbolçysy duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.
«Netijä garamazdan, ýeňil duşuşyk bolmady. Çünki Aziýa kubogyna gowşak ýygyndy gatnaşmaýar.
Biz ýaryşdaky ilkinji iki duşuşygymyzda-da ýeňiş gazanyp, pleý-off tapgyryna çykandygymyz üçin örän şat. Ýöne bu mümkinçilik biziň Ýaponiýa garşy duşuşykda arkaýynlaşjakdygymyzy aňlatmaýar, biz üçünji ýeňşimiz üçin hem göreşeris.
Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşyk meniň üçin taryhy ähmiýete eýe boldy. Çünki men bu duşuşykda Özbegistanyň ýygyndysynyň hatarynda ilkinji pökgimi geçirdim. Şol gün meniň üçin taryhy gün boldy» ― diýip, Jawohir Sydykow «championat.asia» saýtyna beren interwýusynda aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň