Mart ― maý aýlary aralygynda Germaniýada Margiana bagyşlanan sergi gurnalar

18:0715.01.2019
0
1297

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň baý medeniýetini we taryhyny wagyz etmek üçin Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlaryň, şol sanda sergileriň meýdançalary giňden ulanylýar.

Häzirki wagtda Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde öz işini dowam edýän “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergisinde muzeý gymmatlyklarynyň 219-sy görkezilip, oňa şu güne çenli 390 müňden gowrak adam baryp gördi.

Sergini “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň 1-nji martyndan başlap, 30-njy maýyna çenli Germaniýanyň Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeý toplumynda guramak meýilleşdirilýär. Bu bolsa, öz nobatynda, halkymyzyň medeni mirasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň