Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

12:1315.01.2019
0
4916

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Ylmy-amaly maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň tanymal wekilleri gatnaşdylar.
2019-njy ýylyň şygarynyň diňe bir ýurdumyzyň ýeten häzirki üstünliklerine däl, eýsem milli medeni mirasyň çuňňur köklerine ünsi çekip, ony has giňişleýin we köpgyraňly tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.
Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanyp tematiki sergi gurnaldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň baý stilistik ugurlaryny görkezdiler. Sergide žiwopis, grafika işleri, kiçi görnüşli heýkeller, keramika, şaý-sepler, gobelenlerdir halylar, ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň taslamalary goýlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň