Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy-2019: Türkmenistanyň milli ýygyndysy Oman bilen boljak duşuşyga taýýarlanýar

23:5714.01.2019
0
4610

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň üçünji tapgyrynynyň duşuşygyny geçirmek üçin Abu-Dabi şäherine geldi. Milli ýygyndymyz bu şäherde ýerleşýän «Park Rotana» myhmanhanasynda düşledi.

Şu gün agşam milli ýygyndymyz üçünji duşuşygynyň öňüsyrasyndaky ilkinji türgenleşigini geçirdi. Milli ýygyndymyzyň türgenleşigi ýerli “Abu-Dabi” kriket sport klubunyň türgenleşik meýdanynda geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyz Aziýa Kubogy-2019-yň üçünji tapgyrynyň çäginde 17-nji ýanwarda Abu-Dabiniň «Mohammed bin Zayed stadium» stadionynda Omanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

«F» toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyz Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynda çekeleşikli geçen duşuşykda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ikinji duşuşygynda bolsa özbek futbolçylaryndan ýeňildiler (4:0). Ýeri gelende aýtsak, Omanyň milli ýygyndysy-da, Aziýa Kubogynda geçiren iki duşuşygynda hem ýeňlişe sezewar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň