Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow «Buhoronyň» düzüminden gaýtdy

23:5614.01.2019
0
8416

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 28 ýaşly kapitany Arslanmyrat Amanowyň täze möwsümde täze toparda çykyş etmegi mümkin. Aziýa kubogy ― 2019-daky owadan goly bilen hemmeleriň hakydasynda galan futbolçy geçen möwsümde Özbegistanyň «Buhoro» futbol toparynda çykyş edipdi.

― Möwsüm tamamlansoň, meniň «Buhoro» bilen şertnamam hem tamamlandy. Häzir birnäçe topardan, şol sanda özbek klublarynyň hem birnäçesinden teklipler bar. Ýöne heniz belli bir karara gelemok. Haýsy toparlardan teklipleriň gelendigi bolsa häzirlikçe syr bolup galsyn ― diýip, tejribeli ýarym goragçy Özbegistanyň «chempionat.asia» saýtyna beren interwýusynda aýdýar.

Käbir habar çeşmelerinde Aziýa kubogy ― 2019-daky oýnunyň Arslanmyrat Amanowy hataryna goşmaga isleg bildirýän klublaryň sanynyň artandygy bellenilýär. Ýurdumyzyň «Aşgabat», «Altyn asyr» ýaly toparlarynda futbol oýnan ýarym goragçy Gazagystanyň, Özbegistanyň hem birnäçe toparlarynda çykyş edipdi. Özüniň hem aýdyşy ýaly, onuň indiki goşuljak topary heniz belli däl.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň