Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ― Hindistan ministrler geňeşi geçirildi

13:5914.01.2019
0
5346

12 ― 13-nji ýanwar aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Owganystanyň hem goşulmagynda «Merkezi Aziýa ― Hindistan» daşary işler ministrleriniň birinji geňeşi geçirildi. Geňeşe Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşiň işine Gazagystanyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler minisrti Çingiz Aýdarbekow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirožitdin Muhriddin hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Geňeşiň barşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hindistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn söwda, maýa goýum, innowasiýa, tehnologiýa, ulag we logistika, bilim, lukmançylyk, sport ýaly ugurlar geçirilen gepleşikleriň esasy meseleleriniň hatarynda boldy.
Geňeşe Owganystanyň wekiliýeti daşary işler ministri Salahuddin Rabbaniniň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. Owgan wekiliýeti «Merkezi Aziýa ― Hindistan» geňeşine özleriniň hem gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, bu geňeşiň Owganyň ykdysady taýdan galkynmagy üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleri hem-de Hindistan bilen köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklar ulag-üstaşyr geçelgeleri, energiýa we beýleki taslamalar babatynda bähbitli bolar.
Geňeşiň barşynda taraplar şu ýylyň ikinji ýarymynda Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän RECCA VIII halkara maslahatyna taýýardygyny mälim etdiler. Mälim bolşy ýaly, bu maslahat Owganystany ykdysady taýdan galkyndyrmagy maksat edinýär.
Geňeşiň soňunda oňa gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleri ikiçäk duşuşyklary geçirdiler. Geňeş bilelikdäki Ylalaşygyň kabul edilmegi bilen jemlendi. Hindistanyň wekiliýetiniň teklibi bilen Geňeş 2020-nji ýylda Hindistanda dowam etdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň