Awstraliýada Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

20:4112.01.2019
0
4727

Türkmenistanyň Döwlet syýahatçylyk komitetiniň wekilleri ýakynda Awstraliýanyň Wena şäherinde geçirilen «Ferien Messe 2019» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. 1983-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän sergä bu gezek 80 döwletden 850 wekil gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde «Aşgabatsyýahat», «Ahalsyýahat», «Balkansyýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Seýrana» myhmanhanasynyň hem-de «Güneşli syýahat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bar. Biziň wekiliýetimiz halkara sergä gatnaşyjylary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
«Ferien Messe 2019» halkara syýahatçylyk sergisindäki Türkmenistanyň bölüminde ýurdumyzyň taryhy ýerleri, tebigaty, medeniýeti, milli mirasy, Aşgabadyň syýahatçylyk merkezleri hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy baradaky maglumatlar ýerleşdirildi. Döwlet Syýahatçylyk komitetiniň wekilleriniň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Wenadaky Söwda öýünde Awstriýanyň, Polşanyň we Çehiýanyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri bilen gürrüňdeşlikler hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň