Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Dubaýda türgenleşýär

23:4111.01.2019
0
4908

Aziýa Kubogyndaky ikinji duşuşygyna taýýarlanýan Türkmenistanyň milli ýygyndysy «Şabab Al-Ahli » toparynyň futbol bazasynyň meýdanynda ikinji türgenleşik gününi geçirdi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.

Milli ýygyndymyzyň 11-nji ýanwardaky türgenleşik ýygnanyşygy bir wagtyna geçirilip, futbolçylarymyz öýlän guralan ýeňil türgenleşige gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyz Aziýa Kubogy-2019-yň ikinji tapgyrynyň çäginde 13-nji ýanwarda Dubaýyň «Maktoum bin Rashid Al Maktoum stadium» stadionynda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

«F» toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyzyň Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynda çekeleşikli geçen duşuşykda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň