Soňky habarlar

Arhiw

DIM-de Türkmenistanda halkara saglyk maslahatyna görülýän taýýarlyk babatynda brifing geçirildi

23:0511.01.2019
0
4807

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata taýýarlyk görmäge bagyşlanylan maslahat geçirildi.

Duşuşyga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, BMG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejedäki maslahatynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri bellenildi, şeýle hem degişli ýurtlara olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin kömek bermek boýunça meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli maslahata dünýäniň 53 döwletinden abraýly hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olar ýokanç däl keselleri azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda toplanan tejribe barada çykyş ederler hem-de beýleki ýurtlarda ony ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, maslahata Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň ählisiniň, şeýle hem beýleki halkara hökümet we hökümete dahylsyz edaralaryň wekilleri gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň