Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy ilkinji gezek Kubok ýaryşyny geçirer

13:3611.01.2019
0
10493

Ýakynda Aziýanyň elektron sporty federasiýasynyň agzalygyna giren Milli elektron sporty federasiýamyz 2019-njy ýyldaky milli ýaryşlara hem assa-ýuwaşdan girişýär. Federasiýasynyň resmi saýtynda elektron sportuň muşdaklarynyň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrunda ilkinji gezek geçirilýän ýaryşy gurnalýandygy habar berildi. Täze ýaryş ýurdumyzda elektron sportunyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan topara 5 müň manat möçberindäki baýrak gowşurylar. Şeýle hem iň gowy üç topar milli ýygyndymyza goşulmaga, halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanar.
Ýaryşa gatnaşyjylardan ýüztutmalar 15-nji ýanwardan başlap, federasiýasynyň resmi saýtynda kabul edilýär. Ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ýüztutmalary 20-nji fewrala çenli kabul ediler. Her topar özüni islän ady bilen atlandyryp, nyşanyny, baýdagyny we beýleki aýratynlyklaryny döredip biler. Her bir topara ätiýaçdaky agzalary hem hasaba aldyrmak mümkinçiligi berilýär. Eger saý-sebäp bilen esasy düzümdäki agzalaryň biri ýaryşa gatnaşyp bilmese, toparlar ätiýaç agzanyň kömeginden peýdalanyp bilerler.
25-nji fewralda başlanjak ýaryşyň ilkinji tapgyry toparçalardan ybarat bolar. Her toparçadan iň gowy iki topar ýaryşyň indiki tapgyryna geçmäge hukuk gazanar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygyny 17-nji martda Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň