Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

08:0111.01.2019
0
7838

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gysgaça maslahat geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, milletiň Liderine täze kärhananyň deslapky synaglaryny başlamaga ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Soňra tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary hem-de täze senagat toplumynyň desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze desga barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän suratly hem-de tehnologik çyzgyly planşetler hödürlenildi.
Zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurulýar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de «Euro-5» standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. 2019-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler.
Taslamanyň menejeri, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili Keý Noumura döwlet Baştutanymyzy sintetiki suwuk uglewodorodlary almagyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, tebigy gazdan benzin öndürmegiň tehnologiýasy degişli enjamda, barlaghana şertlerinde üstünlikli synagdan geçirildi. Ine, indi bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli çözgüdi netijesinde dünýäde ilkinji gezek GTG tehnologiýasy Türkmenistanda täjirçilik möçberinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň