Soňky habarlar

Archive news

Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Aziýa kubogy ― 2019 dowam edýärkä wezipesinden aýryldy

01:0711.01.2019
0
921
Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Aziýa kubogy ― 2019 dowam edýärkä wezipesinden aýryldy

Gyrgyzystanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Semeteý Sultanow wezipesinden aýryldy diýip, federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Semeteý Sultanow öz teswirlemesinde bu karara Aziýanyň Futbol federasiýasynyň wise-prezidentligine dalaşgär bolýanlygy üçin gelendigini düşündirýär.

AFK-nyň wise-prezidentligi üçin 5 orna 15 dalaşgär görkezildi. Merkezi Aziýadan Semeteý Sultanow bilen Eýranyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Mehti Taj şol dalaşgärleriň arasyndadyr. Saýlawlar şu ýylyň 6-njy aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň