Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dubaý şäherine geldi

23:3110.01.2019
0
5425

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyryny geçirmek üçin Dubaý şäheriniň «Marriott» myhmanhanasyna geldi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) habar berilýär..
Milli ýygyndymyz Aziýa Kubogy-2019-yň ikinji tapgyrynyň çäginde 13-nji ýanwarda Dubaýyň «Maktoum bin Rashid Al Maktoum stadium» stadionynda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
«F» toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyz Aziýanyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň birinji tapgyrynda çekeleşikli geçen duşuşykda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Özbek futbolçylary bolsa omanly garşydaşlaryndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň