Soňky habarlar

Arhiw

Sardor Raşidow: «Türkmenistanyň ýygyndysy ― güýçli garşydaş»

23:2810.01.2019
0
4236

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň 27 ýaşly ýarym goragçysy Sardor Raşidow Aziýa kubogy ― 2019-yň çäginde Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy.

«Türkmenistan Ýaponiýanyň garşysyna örän gowy oýnady ― diýip, tejribeli ýarym goragçy AFK-nyň resmi saýtynda ýerleşdirilen habarda milli ýygyndymyzyň oýnuna ýokary baha berýär. ― Ikinji ýarymdaky ýagdaýlara üns bermeli däl. Olar örän gowy topar. Örän güýçli we taktiki taýýarlykly ýygyndyda her bir futbolçy ýokary derejede ussat. Türkmenistanyň ýygyndysy ― güýçli garşydaş».

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky duşuşyk 13-nji ýanwarda Dubaýyň «Raşid» stadionynda oýnalar. Bu stadiona 12 müň tomaşaçy ýerleşýär.

Özbek futbolçylarynyň ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Omanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň