Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew «Biziň utulyşymyza ikinji ýarymda ünsi gowşatmagymyz sebäp boldy»

22:4310.01.2019
0
4053

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew Aziýa kubogy ― 2019-yň çäginde Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda 2:3 hasabynda utulyşyň sebäbini futbolçylaryň ikinji ýarymda oýna ünsüni jemläp bilmändigi bilen düşündirdi.

― Ýaponiýa garşy oýnuň gidişini öz elimizde saklap durkak, ikinji ýarymda ünsi gowşatdyk ― diýip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi duşuşykdaky soňky metbugat maslahatynda aýtdy.

― Bize yklymyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen geçirýän duşuşygymyzdan utuk gazanmak mümkinçiligi döredi. Ýöne peýdalanyp bilmedik. Duşuşygyň güýçli depgini käbir futbolçylarymyzyň ýadamagyna getirdi, bu bolsa biziň utulyşymyzyň esasy sebäbi boldy. Biz arakesmeden soň oýna bolan ünsi ýitirdik.

Ruhdan düşmäge hiç hili sebäp ýok. Bize öňde Özbegistanyň ýygyndysyna garşy wajyp oýun garaşýar. Elimizdäki ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, öňdäki duşuşyklaryň ikisinde-de gowy netije alyp bileris diýip umyt edýäris.

Metbugat maslahatynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi žurnalistleriň legioner futbolçylar bilen bagly sowalyna-da jogap berdi.

― Siz mamla, bizde daşary ýurtlarda oýnaýan futbolçymyz az. Milli ýygyndynyň futbolçylarynyň aglabasy öz çempionatymyzda çykyş edýär. Şeýlelikde, olar tejribäni hem bilelikde toplaýarlar. Geçen ýyl biziň «Altyn asyr» futbol toparymyz AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetdi. Bu üstünlik we şol ýaryşda gazanylan tejribe milli ýygyndymyzyň hem güýjüni artdyrdy diýip pikir edýärin. Şol bir wagtda milli ýygyndymyzyň güýçli garşydaşlar bilen deňeçer oýny orta goýup bilýändigini hem aýtmak gerek. Dünýä çempionaty ― 2018-iň saýlama tapgyrynda Eýranyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnadyk. Bu gezek bolsa Aziýanyň güýçli ýygyndylarynyň ýene-de birinden minimal hasap bilen ýeňildik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň