Soňky habarlar

Arhiw

Alp Arslan adyndaky drama teatrynda Ependi hakynda täze eser sahnalaşdyryldy

20:3410.01.2019
0
1427

Alp Arslan adyndaky drama teatrynyň döredijilik topary türkmen dramaturgy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň pýesasy boýunça “Ependi, kim sen?” oýnuny sahnalaşdyrdy. Gülküli oýnuň gahrymanlary her gezek gülkünç ýagdaýa düşýärler.

Režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň grotesk-metafora usulynda goýan täze oýny tomaşaçylaryň halaýan oýunlarynyň birine öwrüldi. Munda oýun goýujy nakgaş Mekan Annnamyradowyňam hyzmaty az däl. Mekan orta asyr Gündogar şäheriniň köçesini şekillendirende öýleriň ýanyndaky daragtlary, araba tigrini üýtgeşik usulda çekip, giňişlige uly göwrüm beripdir. Türkmen sahna bezeginde şeýle tilsim ilkinji gezek ulanylýar.

Ady belli wäşi Ependiniň keşbini döretmek Çaryýar Annamyradowa miýesser edipdir, ol bu işe bar yhlasyny siňdiripdir. Ependiniň dogumly, adamsy üçin bar zada taýýar aýaly Heýjanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa döredipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň