Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy

20:3110.01.2019
0
1074

9-njy ýanwarda Mary welaýatynda ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edilen önümçilik maksatly desgalaryň ikisiniň açylyş dabaralary boldy. Şu mynasybetli dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Açylan täze desgalaryň hatarynda “Eşretli kenar” hususy kärhanasy bilen baglaşylan şertnama boýunça “Älemabat” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Baýramaly şäherindäki polietilen paket we polipropilen turba önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy hem bar.

Kärhanada oturdylan tehnologik ulgam dürli polietilen örtüginiň 1800 tonnasyny hem-de diametri 20 — 60 millimetr bolan ýokary hilli polipropilen suw geçiriji turbalaryň 257 tonnasyny çykarmaga niýetlenendir. Önümleriň bu görnüşlerine bolan isleg dünýäde yzygiderli artýar. Geljekde kärhananyň önümlerini daşary ýurtlara ugratmak meýilleşdirilýär.

Ulanmaga berlen täze desgalaryň ýene-de biri — Mary etrabynda gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanadyr. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Sada türkmen” hususy kärhanasy bu taslamanyň buýrujysy hem-de potratçysy bolup çykyş etdi.

Ýyladyşhana 8 gektara deň bolup, sarp edijilere her ýylda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň 500 tonnasyny ugratmaga niýetlenedir. Ýyladyşhanada ýokary ýylylyk saklaýjy aýratynlyklaryna hem-de uzakmöhletleýin ulanyş häsiýetine eýe bolan serişdeler ulanyldy. Döwrebap hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen desgada belli bir temperatura we ýagtylyk düzgüni, çyglylyk hem-de topragy ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmak işleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutuldy. Ulgamlaryň işleri kompýuterleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň