«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi

23:5209.01.2019
0
14740

9-njy ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň “Mukamlar” köşgünde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi. Dabara gatnaşyjylar “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň täze şöhratly we beýik işlere beslenjekdigini nygtadylar.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň çärelerine badalga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň