«Türkmengaz» ― Africa Eco Race ― 2019 ralli reýdiniň resmi hyzmatdaşy

17:2308.01.2019
0
5202

«Türkmengaz» döwlet konserni Dakar ― Africa Eco Race ugry boýunça geçirilýän 11-nji ralli-reýdiň resmi hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda (www.oil-gas.gov.tm) habar berilýär.

Africa Eco Race ralli-reýdi häzirki wagtda dünýäniň iň iri awto we motosport ýaryşlarynyň birine öwrüldi. Onuň 2019-njy ýyldaky tapgyry geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Monako şäherinden badalga aldy. Ýaryşa gatnaşyjylar soňra gämi bilen Marokka geldiler. Ýaryşyň esasy bölegi şu ýerden başlandy. Africa Eco Race ― 2019-yň 13-nji ýanwarda Senegalyň Retba kölüniň kenaryndaky pellehana ýetmegine garaşylýar. Africa Eco Race ― 2019-y taryhda bu ýaryşyň alty gezek çempiony bolan fransiýaly hünärmen Žan-Lui Şlesseriň ýolbaşçylygyndaky toparyň gurnaýandygyny ýene bir gezek okyjylarymyza ýatladýarys. Bu topar geçen ýyl türkmen topragynda geçirilen «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hem esasy guramaçylarynyň biri bolupdy.

«Türkmengaz» döwlet konserni Türkmenistanda geçirilen halkara awtoralliden soňra, tutuş Afrikany söküp geçýän ýaryşyň resmi hyzmatdaşlarynyň hataryna goşulypdy. Şu ýylyň dowamynda bolsa türkmenistanly sport muşdaklaryna ýene bir ralli baýramçylygy garaşýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, 5 ― 11-nji maý aralygynda ýene-de Amul ― Hazar ugry boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň ýaryşlary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň