Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli ýygyndysy AFK-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy

23:5807.01.2019
0
5158

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa kubogynyň jemleýji tapgyryna çykmagy mynasybetli AFK-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Baýrak Abu-Dabi şäheriniň «Yas Island Rotana» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda gowşuryldy. Milli ýygyndyzymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowa bu baýragy gowşuran AFK-nyň wekili Başir Abdul Halid türkmen futbolçylaryna ýaryşyň jemleýji tapgyrynda hem üstünlik arzuw etdi.

Taryhynda ikinji gezek yklymyň iň iri futbol ýaryşyna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndysy «F» toparçada çykyş edýär. 5-nji ýanwar güni Birleşen Arap Emirliklerine baran milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynyň geçiriljek ýerinde ― Abu-Dabi şäherinde türgenlerşiklerini dowam etdi. Ýaryşa gatnaşýan ähli ýygyndylar bilen guramaçylyk babatynda duşuşyklary geçiren AFK-nyň wekilleri türkmen futbolçylary bilen «Yas Island Rotana» myhmanhanasynda duşuşdylar.

Türkmen futbolçylary Aziýa kubogy ― 2019-yň toparçalaýyn tapgyrynda Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen ýaryşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň