Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan ýedi döwletiň biri

19:0207.01.2019
0
6935

Türkmenistan dünýä ýüzi boýunça benziniň iň arzan döwletleriniň sanawynda ilkinji ýediligine girýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 1 litr A-95 benziniň bahasy 1,5 manat. Bu bolsa Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen möçberler boýunça 43 sente (0,43 ABŞ dollaryna) deňdir. Şeýlelikde, 1 litriniň bahasy 1,15 manat bolan A-80 kysymly benzin, ortaça, 33 sente barabar bolýar.

 Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Global Petrol Prices» neşirini ýakynda dünýä döwletleri boýunça benziniň bahasy babatdaky sanawy çap etdi. Bu sanawda 150 döwlet ýer alypdyr. Sanawa laýyklykda, Ýer ýüzünde benziniň iň arzan döwleti Wenesueladyr. Bu ýerde 1 litr benziniň bahasy 1 sente deň. Sanawda ikinji orny Sudan (13 sent), üçünji orny Eýran (29 sent) eýeleýär. Dördünji, bäşinji, altynjy orunlary bolsa Kuweýt (34 sent), Alžir (35 sent) hem-de Nigeriýa (41 sent) paýlaşýar diýip, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda aýdylýar. Ýedinji orunda bolsa biziň döwletimiz bilen Müsür bar (ikisinde-de 43 sent).

Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar boýunça alnanda, Türkmenistanyň ilata iň elýeterli nyrhdan benzin hödürleýändigi guwandyryjydyr. Sanawda 9-njy orny eýeleýän Azerbaýjanda 1 lirt benziniň bahasy Türkmenistandakydan 4 sent gymmat. Sanawyň ilkinji onlugyny jemleýän Gazagystanda bolsa bu mukdar 48 sente deň.  Şeýle hem sanawda Özbegistan 18-nji, Gyrgyzystan 23-nji orny eýelýär. 25-nji basgançakdaky Russiýa Federasiýasynda 1 litr benzin almak üçin 68 sent tölemeli.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň