Türkmen wekiliýeti FIFA-nyň sammitine gatnaşdy

20:3403.01.2019
0
4624

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekiliýeti FIFA-nyň Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen sammitine gatnaşdy. Onda dünýä döwletleriniň 50-siniň we halkara konfederasiýalaryň 5-siniň wekilleri dünýä futboly bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
 Sammitiň işinde ilkinji bilen Ýer ýüzünde zenanlaryň futbolyny ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem FIFA Forwad maksatnamasynyň we VAR (wideogözegçi emin) gözegçilik ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatyna özgertmeleri girizmek hem sammitde maslahatlaşylan wezipeleriň hataryna girdi. Häzirki wagtda her ýylyň dekabr aýynda yklymlaryň çempionlarynyň we ýaryşy kabul edýän döwletiň iň güýçli klubynyň gatnaşmagynda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşyjy klublaryň sany indi 24-e çykarylar. Munuň üçin geçirilen ses berlişikde sammite gatnaşyjylaryň aglabasy täze düzgüni oňlady. Klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty mundan beýläk her iki ýyldan bir gezek geçiriler. Onda dünýäniň iň güýçli 24 futbol topary güýçlüleriň güýçlüsi bolmak üçin göreşer. Toparlaryň sany yklymlara görä bölüner.
Sammitde seredilen meseleleriň ýene biri hem eýýäm 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyndan başlap, Ýer ýüzüniň iň uly futbol ýaryşyna gatnaşyjy milli ýygyndylaryň sanyny 48-e çykarmak baradaky başlangyç boldy. Sammite gatnaşyjylaryň 85 göteriminiň ses bermegi bilen, bu başlangyç oňlanyldy. Şeýlelikde, Katarda geçiriljek dünýä çempionatyndan başlap, 48 milli ýygyndy Ýer ýüzüniň iň güýçli ýygyndysy bolmak üçin göreşer. Ozal bu san 36-dy.
Sammitiň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Katarda dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy. FIFA-nyň häzirki ýolbaşçysy Žanni Infantinonyň başlangyjy bilen geçirilýän sammitleriň ilkinjisi 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Parižde bolupdy. Şondan soň Singapur, Maýami, Doha, Addis-Abebe, London, Baku ýaly şäherler bu halkara çäräni kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň