Soňky habarlar

Arhiw

Döwletliler köşgüniň çagalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

23:5801.01.2019
0
7443

1-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Çagalary şatlykly baýramçylyk bilen gutlamak üçin milli parlamentiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, ýaşlar, zenanlar hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.
Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň belli aýdymçylary, sazandalary, artistleri ýygnandylar. Olar çagalar bilen bilelikde söýgüli erteki gahrymanlaryny, şol sanda Aýazbabany we Garpamygy mähirli garşyladylar.
Soňra bu ýerde baýramçylyk şatlygyna beslenen Täze ýyl konserti guraldy, oňa döredijilik toparlary, estrada aýdymçylary we sirk sungatynyň ussatlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk mynasybetli toý lybaslaryna beslenen şadyýan çagalar dürli oýnawaçlar hem-de dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen arçanyň daşynda gol tutuşyp, Täze ýyl aýdymlaryny aýtdylar we baýramçylyk goşgularyny okadylar.
Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgüniň çagalary ajaýyp sowgatlar we bagtly çagalyk üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň