Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna Magnitogorsk şäherinde bolan heläkçilik zerarly gynanç bildirdi

23:4801.01.2019
0
9978

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň