Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda benziniň bahasy öz derejesinde saklanýar

01:1501.01.2019
0
33972

Türkmen halky baýramçylyk joşguny bilen täze 2019-njy ýyly garşy aldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýylyň dowamynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurtda benziniň bahasynyň galdyryljakdygy barada esassyz habarlar ýaýradyldy. Ýöne olaryň hakykata daýanmaýandygyny biz ozal hem delillendiripdik.
Täze ýylyň ilkinji gününde Turkmenportalyň habarçysy Aşgabat şäherindäki ýangyç guýujy beketlerde bolup, ýangyjyň bahalary bilen tanyşdy. Hemme zat ozalkysy ýaly: bir litr A-95 benziniň bahasy 1,5 (ABŞ-nyň 0,43 dollary), A-92 1,35 (38 sent), A-80 bolsa, 1,15 (33 sent) manat.
Türkmenistanda awtomobil ýangyjynyň häzirki hereket edýän bahalary 2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda girizildi. Şondan bäri onuň bahasy ýurtda durnukly ýagdaýda saklanýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynda hem ABŞ-nyň 1 dollarynyň döwlet nyrhy üýtgewsizligine galýar: 1 ABŞ dollary = 3,50 manat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň