Türkmenistanda 2019-njy ýyl dabaraly ýagdaýda garşy alyndy

01:0901.01.2019
0
16796

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi.
Şu günler ähli ýerlerde medeni çäreler guraldy, sergiler hem-de konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar üçin dabaralar ýaýbaňlandy. Asylly däp boýunça paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi, ýakynda bu ýerde oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna ýaş türkmenistanlylaryň täze ýyl baýramçylyk şatlygyny paýlaşmak üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.
Täze ýyl agşamy bu ýere köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde belli estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda tomaşaçylara şatlyk paýlaýan Täze ýyla bagyşlanan aýdym-sazlar ýerine ýetirilýär. Folklor äheňleri boýunça tans çykyşlary häzirkizaman görnüşinde ýerine ýetirilýär.
Baýramçylyk dabaralaryny alyp baryjylar ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimize Täze ýyl gutlaglaryny aýdýarlar we döwlet Baştutanymyza bagt, jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlarynda üstünlik arzuw edýärler.
Soňra alyp baryjylar türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan teleköpriniň başlanýandygyny yglan edýärler.
Teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna yzly-yzyna ýurdumyzyň welaýatlary goşulýarlar. Şu gün sebitleriň edara ediş merkezlerindäki meýdançalarda köpöwüşginli Täze ýyl baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň estradaçylary we döredijilik toparlary hem-de köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, oba ýaşaýjylary we çagalar bar.
Ilki bilen, teleköprä Ahal welaýaty goşulýar. Täze ýyly wasp edýän gutlagly goşgulardan soň, bu ýerde guralýan şanly waka mynasybetli, ýörite taýýarlanan baýramçylyk konsertine orun berilýär.
Soňra teleköprüde Balkan welaýaty peýda bolýar. Deňiz ýakasyndaky sebitiň ähli ilatynyň adyndan tutuş watandaşlarymyza gutlag sözlerini aýdyp, günbatar welaýatyň wekilleri Täze ýyl mynasybetli taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezýärler.
Nobat Daşoguz welaýatyna berilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti döredijilik dessurlaryna we zehinli artistlere baý bolmak bilen, olar gutlag sözlerinden soň, taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.
Bu ýerde guralan teleköprini Lebap welaýatynyň wekilleri dowam etdiler. Olar tutuş halkymyzy we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlap, şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly, joşgunly tansly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Gezek Mary welaýatynyň ilatyna ýetýär. Sebitiň wekilleri goşgy setirleriniň üsti bilen Täze ýyl gutlaglaryny beýan edýärler, artistler we körpe ýerine ýetirijiler çykyş edýärler.
Täze ýyl teleköprüsini paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň ilaty jemleýär. Soňra ähli türkmenistanlylaryň adyndan ýadawsyz işleri hem-de Watanymyza wepaly gulluk etmegiň nusgalyk göreldesi üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyklar beýan edilýär. 
Tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Bu ýerde guralan ekranlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oguz han” Köşkler toplumyndan Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy göni ýaýlym arkaly tutuş halkymyza ýetirildi.
Watandaşlarymyzyň ählisi döwlet Baştutanynyň Gutlagyny tutuş durky bilen kabul etdiler. Ýene-de az salymdan hemmeleriň ünsi gönükdirilen sagadyň dilleri 12 sanda saklanar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Baýramçylyk feýerwerki “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezeýär...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň