Soňky habarlar

Arhiw

“Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň täze sanynda Türkmenistanyň 2018-nji ýylda ykdysady ösüşiniň syny berildi

20:5431.12.2018
0
9885

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly nobatdaky sanynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda bolup geçen esasy wakalara seljerme synyny berýär. Hünärmenler, döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, maliýe-ykdysady edaralaryň, salgyt we ätiýaçlandyryş düzümleriniň, banklaryň we hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar we bilermenler üçin niýetlenen türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde iki aýda bir gezek neşir edilýän žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurt okyjylarynyň giň toplumyny milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleri hem-de ýeten sepgitleri, kuwwaty we ösüşi bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan neşiriň täze sany “Hemişelik Bitaraplyk — durnukly ösüşiň girewi” atly makala bilen açylýar. Bu makalada döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlary BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm wakalaryň mysalynda, türkmen ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagynyň mysalynda beýan edilýär.
“Türkmenistanda döwlet — hususy hyzmatdaşlyk” atly makala hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldaw berýän telekeçiligiň ösdürilmegine bagyşlanýar, şunda gymmatly kagyzlaryň bazaryny kemala getirmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, erkin ykdysady zolaklaryny döretmek meselelerine-de garalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň esasynda işlenip taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakyndaky makala okyjylary baş maliýe resminamasynyň esasy ugurlary, düzgünleri hem-de önümçilik we durmuş-medeni ulgamynyň dürli pudaklaryny maliýeleşdirmegiň möçberleri bilen tanyşdyrýar.
“Durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şerti” atly makala Türkmenistanyň innowasiýa häsiýetli ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýetiniň kemala getirilmegine bagyşlanýar. Mundan başga-da, žurnalyň täze sanynda ýurdumyzda globallaşmak şertlerinde buhgalterçilik hasaba alnyşyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça düşündiriş makalalary ýerleşdirilýär, munuň özi maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagyny talap edýär.
Türkmenistanyň dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän himiýa önümlerini iberýän iri döwlet hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagy baradaky makalada Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki “Garabogazkarbamid” zawody barada gürrüň berilýär.
“Süýşürintgiler ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň çeşmesi hökmünde” atly makalada bank işini we karzlaşdyrmagy ösdürmek meseleleri seljerilýär. Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz porty hem-de ýurdumyzyň iri ulag-logistika merkezi hökmündäki ähmiýeti hakynda söhbet açylýan “Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýetli desgadyr” atly makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder.
Žurnalyň “Sebitleýin syýasat” atly makalalar toplumynda bu gezek senagaty diwersifikasiýalaşdyrmagyň we düzümleri ösdürmegiň meseleleri boýunça Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär. Žurnalyň bu gezekki sany “Durnukly ösüş maksatlary —–daşary syýasatyň binýatlaýyn ýörelgeleri” atly hem-de köpçülikleýin hyzmatlar ulgamynda matematiki modelleşdirmegiň usullary barada söhbet açýan makalalar bilen jemlenilýär, bu makalalar ýaş maliýeçileriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda işleýän guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni çeker.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim ýurdumyzda esasy önümçilik güýjüne öwrülýär, halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ýoluna yzygiderli geçirilmegi, serişdeleri tygşytlaýjy hem-de tebigaty goraýyş çäreleri, hususy işewürlik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär, munuň özi “Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň