Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen manadynyň ABŞ-nyň dollaryna gatnaşygy 2019-njy ýylda hem üýtgewsiz galýar

23:5330.12.2018
0
34397

Türkmenistanyň Merkezi banky 2019-njy ýyl boýunça türkmen milli manadynyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygy baradaky sanawy täzeledi. Täzelenen sanawda-da, milli manadymyzyň ABş-nyň dollaryna bolan gatnaşygy ozalkysy ýaly (1 ABŞ dollary = 3,5 manat) galýar.
Bankyň resmi internet saýtynda aýdylşy ýaly, sanawda görkezilen mukdarlar 2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanda ABş dollarynyň türkmen milli manadyna gatnaşygy iň soňky gezek 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda üýtgedilipdi. Şondan bäri dollaryň döwlet nyrhy ýurtda üýtgewsizligine gelýär.
2019-njy ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje girýän daşary ýurt pullarynyň milli manadymyza gatnaşygynyň doly sanawyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň