Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew - 2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbol tälimçisi

16:5030.12.2018
0
5287

Aşgabadyň “Altyn asyrynyň” we futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew 2018-nji ýylyň jemleri boýunça “Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi” diýlip yglan edildi. Bu barada, ýurdumyzyň sport žurnalistleriniň we futbol toparlarynyň hünärmenleriniň arasynda geçirilen ses berlişige esaslanyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Arasynda Turkmenportalyň hem habarçylary bolan ses berlişigiň netijesinde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewden soň iň köp sesi geçen möwsümde Mary DES-niň “Energetik” futbol topary bilen çempionatyň bürünç medalyny gazanan, Kubok ýaryşynda bolsa finala çenli baryp ýeten ýaş tälimçi Mekan Nasyrow toplady. Üçünji orny bolsa ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahalyň” baş tälimçisi Röwşen Meredow bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolan Aşgabadyň “Köpetdagyna” tälim berýän Said Seýidow paýlaşdylar.
27-nji fewralda 42 ýaşyny doldurjak Ýazguly Hojageldiýew geçen möwsümde “Altyn asyr” bilen bassyr bäşinji gezek Türkmenistanyň çempionlygyna, ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna ýetmegi we AFK-nyň kubogynda türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek final duşuşygyna gatnaşmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň