Altymyrat Annadurdyýew - 2018-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy

03:4530.12.2018
0
12501

Aşgabadyň “Altyn asyr” futbol toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly ýarym goragçysy Altymyrat Annadurdyýew 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol bu derejäni Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan sport žurnalistleriniň hem-de futbol toparlarymyzyň hünärmenleriniň ses bermeginde gazandy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Turkmenportala berlen magumata görä, ýeňijiden soň ikinji orny “Altyn asyryň” we milli ýygyndymyzyň merkezi goragçysy Mekan Saparow eýeledi.
Ilkinji gezek 2015-nji ýylda uly futbola gelen Altymyrat Annadurdyýewiň Ýokary ligada çykyş eden dördünji möwsüminde ýurdumyzyň iň gowy futbolçysy saýlanylmagy ýokary üstünlik we uly başarnykdyr. “Pökgi bilen dostlugyna” Aşgabadyň “Galkan” toparynda başlan A.Annadurdyýew 2014-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 10 pökgi bilen iň netijeli futzalçy bolmagy başardy. 2015-nji ýylda bolsa uly futbola ilkinji ädimlerini ädip, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Täze topary bilen ilkinji gezek ýaşyl meýdana halkara duşuşuşykda - AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda Gyrgyzystanyň “Dordoýy” bilen geçirilen duşuşykda çykdy. Şeýlelikde, futbolçylaryň köpüsinden tapawutlylykda, uly futbola halkara duşuşyk bilen ilkinji ädimini äden A.Annadurdyýew şol duşuşygyň eýýäm 9-njy minudynda tapawutlanmagy hem başardy. Şol ýyl çempionatda geçiren ilkinji duşuşygynda hem (“Ahal” - “Energetik”) dört gezek tapawutlanan A.Annadurdyýew türkmen futbolynyň geljekki ýyldyzynyň dogup gelýändiginiň buşlugyny şol günlerden berdi. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol toparynda çykyş edip gelýän oýunçy milli ýaryşlarda kuboklaryň ençemesini gazandy, 2018-nji ýylda bolsa AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ol 15 pökgi bilen yklym ýaryşynda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçysy diýen ady hem özünde saklaýar.
Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýunynda Dünýä kubogy - 2018-iň saýlama tapgyrynda Guama garşy geçirdi. Milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini bolsa 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýwanyň ýygyndysynyň derwezesine geçirdi.
Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan düzülen 2018-nji ýylyň nusgalyk düzüminde hem ýer alýar. Futbolçy ýakyn günlerde Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýa kubogynda hem milli ýygyndymyzyň üstünlikleri üçin göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň