Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyl baýramy mynasybetli awtoulag hyzmatlary gije-gündiz hereket eder

23:0228.12.2018
0
10827

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli şäheriçi awtobuslaryň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 05:00-dan 2019-njy ýylyň  1-nji ýanwary sagat 03:00-a çenli ähli ugurlar boýunça hereket etjekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýär. Awtobus gatnawlary boýunça  şu telefonlar boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri – 28-58-15, 28-60-30, 28-60-80;

Mary şäheri – 7-96-22, 5-61-99, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri – 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri – 6-62-87, 6-69-54;

Balkanabat şäheri – 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri – 4-79-24, 4-79-35.

Aşgabat şäheriniň ilatyna we myhmanlaryna gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlary ýerine ýetiriler hem-de taksi hyzmatlaryna sargytlar         76-05-01; 76-05-02; 76-05-03 telefonlar arkaly kabul ediler. Täze ýyly garşylamak boýunça geçirilýän çäreleriň ýerlerine («Älem» medeni dynç alyş merkezi, Döwlet sirkiniň binasy, «Ylham» seýilgähi) hem-de Teke bazardan we Awtokombinatdan raýatlary getirip-äkitmek üçin taksi hyzmatlary ýerine ýetirmek ýola goýular.

Paýtagtymyzda, 2019-njy Täze ýyly garşylamak boýunça geçirilýän çäreleriň gatnaşyjylaryny alyp gaýtmak üçin, şu aşakdaky görkezilen ýerlerden ähli ugurlar boýunça  ýörite gatnawlar guralar:

1. «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň ýanyndaky Baş arçanyň öňünden görkezilen çyzgy boýunça (gündogara tarap gidýän ugurlar:    1, 2, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 13, 14, 16, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 24, 25, 26, 27, 28, 29, 30, 31, 32, 34, 35, 37, 38, 39, 47, 55, 57, 58, 60, 73, 77; günbatara tarap gidýän ugurlar: 6, 10, 13, 21, 29, 33, 42, 52, 56, 59, 61, 62, 63, 64, 68).

2. Döwlet sirkiniň binasynyň ýanyndaky arçanyň öňünden Atamyrat Nyýazow we Magtymguly şaýollaryndan;

3. «Ylham» seýilgähindäki arçanyň öňünden A.Nowaýy köçesinden we Magtymguly şaýolundan.

«Älem» medeni dynç alyş merkeziniň ýanyndaky Baş arçanyň öňünden çärelere gatnaşyjylary alyp gaýtmak üçin Änew we Gökdepe şäherlerine barýan ugurlar boýunça gatnawlar ýola goýular. Şeýle hem Teke bazaryň we Awtokombinadyň duralga meýdançalaryndan Baharly, Gökdepe, Änew şäherlerine, Yzgant we Täze zaman şäherçelerine 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat  05:00-dan 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwary sagat 03:00-a çenli awtoulag hyzmatlary ýerine ýetiriljekdigini Size habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň