Soňky habarlar

Arhiw

Basketbol: türkmen gyzlary dünýä çempionatynda ýaryşar

17:4025.12.2018
0
11249

Bosagada duran 2019-njy ýyl Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça ýygyndylary üçin uly synaglaryň ýylyna öwrüler. Biz ozal Türkmenistanyň zenanlar we ýaşlar ýygyndysynyň öňümizdäki ýylda dünýä çempionatyna gatnaşjakdygyny habar beripdik. Ýakynda bolsa basketbolyň bu görnüşi boýunça 23 ýaşa çenli zenanlar ýygyndymyzyň hem dünýä çempionatyna gatnaşjakdygy habar berildi. Bu ýaryş 2019-njy ýylyň 2 - 6-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriler. Bu barada Aziýanyň basketbol federasiýasy habar berýär.
Dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolmak üçin 20 döwletiň türgenleri göreşer. Olaryň arasynda ozalky çempion Russiýanyň hem-de Belarusyň, Çehiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Ugandanyň, Eýranyň, Şri-Lankanyň we beýleki döwletleriň ýygyndylary bar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy Halkara basketbol federasiýasynyň sanawynda 152 ýygyndynyň arasynda 29 orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň