Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň atçylyk sporty boýunça milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna gatnaşyp biler

03:5624.12.2018
0
4446

Türkmenistanyň atçylyk sporty (tebigy gezerine sürmek) boýunça milli ýygyndysy 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän saýlama ýaryşlarda çykyş edip biler. Saýlama ýaryş öňümizdäki ýylyň 18 - 23-nji iýuny aralygynda Moskwa şäherindäki “MaximaStables” atçylyk sporty klubynyň binasynda geçiriler. Bu barada Russiýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Milli ýygyndymyz “C” toparçada çykyş eder.
Ozal bu toparçany Merkezi we Gündogar Ýewropa döwletleriniň ýygyndylary emele getirýärdi. Indi bolsa bu toparça halkara ýaryşlarda görkezen netijelerine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýygyndylary hem goşuldy. Şeýlelikde bu toparçany Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Gresiýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Kipriň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Makedoniýanyň, Moldowanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň, Slowakiýanyň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Estoniýanyň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlary emele getirer. Moskwada geçiriljek saýlama tapgyryň ýeňijileri Olimpiada - 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanar.
Ýeri gelende aýtsak, Tokio Olimpiadasynda aty tebigy gezerine sürmek boýunça 15 döwletiň wekilleri çykyş edip biler. Häzirki wagtda Awstraliýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, ABŞ-nyň, Şwesiýanyň we Ýaponiýanyň ýygyndylarynyň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjekdigi takyklaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda Absent atly türkmen bedewiniň Olimpiýa oýunlarynyň üçüsiniň (Rim - 1960, Tokio - 1964, Mehiko - 1968) ýeňijisi bolandygy ýatlanylýar. 12 ýylyň dowamynda Olimpiýa birinjiligini özünde saklan ahalteke bedewiniň üstünligini gaýtalamk üçin bu gün onuň nesillerine-de mümkinçilik döredi. Halkara ýaryşlarynyň, festiwallaryň, gözellik bäsleşikleriniň ençemesinde ýeňiji bolan bedewlerimiziň Garaşsyz Türkmenistana Olimpiýa medallaryny getirjek günleri indi uzakda däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň