Soňky habarlar

Arhiw

Poçta aragatnaşygy hyzmatlarynyň çägi giňelýär

15:5922.12.2018
0
8965

“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy täze hyzmatlary ornaşdyrdy. Kompaniýanyň www.turkmenpost.gov.tm internet-sahypasynda onlaýn düzgünde poçtadan ugradylýan zatlary ibermek üçin çapar çagyrmak mümkinçiligi döredi. Netijede hatlary we posylkalary ýurduň islendik nokadyna, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň 190-syna ibermek üçin wagt azaldylýar. Mundan başga-da, internet arkaly zat satyn almak, nagt däl töleg geçirmek we harytlary öýüňe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň