Soňky habarlar

Arhiw

“Mizan” işewürlik merkezinde Täze ýyl dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti täze aýdymyny ilkinji gezek ýerine ýetirdi

23:5721.12.2018
0
17572

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.
Döwlet Baştutany ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň täze taryhynyň möhüm tapgyryna öwrülendigini belledi. “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen geljek, 2019-njy ýyl üçin milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de berkidilmegine, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, durmuş ulgamynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň möçberli meýilnamalar we wezipeler kesgitlenildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belläp, bu ýere ýygnananlara bagt, maşgala abadançylygyny we ata Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bu ýere ýygnananlar öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy hemmeler tarapyndan söýülýän baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda egsilmez güýç-kuwwat we üstünlik arzuw etdiler.
“Mizan” merkezinde geçirilen dabaranyň dowamynda öz joşgunly çykyşlaryny eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýeten sepgitlerine bagyşlan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp öwüşginli Täze ýyl tomaşalary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we milli Liderimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Arzuw” diýen täze aýdymyň ýerine ýetirilmegi ýygnananlarda aýratyn ýokary ruhubelentlik döretdi. Häzirki zaman äheňlerinde döredilen bu aýdym üç dilde — türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýerine ýetirildi hem-de ýakymly heňi, kalplary tolgundyrýan sözleri bilen ähli diňleýjilerde unudylmajak täsir galdyrdy, muňa joşgunly el çarpyşmalar hem şaýatlyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň